filmov
tv
Maşgala býujeti näme?! | Erjellik

Показать описание
Bizi instagramda yzarlaň: @erjellik
Maşgala býujeti näme?!
Pul nämelere sarp edilýär, niräk gidýär?! Bu soragy käte öz-özümize berýäris ýa-da daş-töweregimizdäkilerden eşidýäris. Elbetde, pul, siz niräk sowsaňyz, şoňa gidýär. Ýöne siziň esasy sowala bermeli jogabyňyz, siz maşgala býujetini, girdejileriň we çykdajylaryň hasabatyny ýöredýäňizmi?!
Maşgala gazanjyny sowatly dolandyrmak eliňizde artykmaç puluň galmasyna esas bolar, geljekde bolsa maliýe taýdan üpjün bolmagyňyzy gazandyrar. Özüňiziň we maşgalaňyzyň rasional (pul harçlama gatnaşyklaryna ölçegli pikirlenip çemeleşmek) bolmagy, gündelik durmuşyňyzda boş çykdajylaryň azalmagyna, geljekde bolsa goşmaça girdejileriň emele gelmesini üpjün eder.
«Maliýe serişdeleriniň dolanyşygynda her bir edara-kärhananyň ýa-da ýekebara şahsyň öz ulanýan kadasy-tertibi bar. Çykdajylaryňy yzarlamak muňa degişlidir. Kärhanada muňa buhgalter hasaby diýilýär. Adamlar bolsa gazanan serişdelerini kellede hasaplamak bilen, pullaryny aýratyn niýetlenen bukjalarda ýa-da depozit bank hasaplarynda tygşytlamak maksady bilen saklaýarlar. Üns beriň, pul saklanýan aýratyn bukjalaryň bir-birine garylmaýşy, çykdajylaryň aýry-aýralykda niýetlenişi öz oňyn netijesini berýär».
Eger-de köpümiz çykdajylarymyzy seljerip görsek, onda olaryň düzüminiň köp bölegini, belki, zerur bolmadyk «boş» çykdajylaryň tutýandygyny göreris. Ýa-da köp adamyň, haýsydyr bir ugur boýunça seljerip berme, maslahat berme we söwda-satyk edip, goşmaça gazanç etme ukybynyň bardygyny görse bolar. Netije çykarmak üçin, biz şahsy gazanjymyza maliýe sowatlylyk bilen çemeleşip, daş-töweregimizi gurşap alýan maliýe ýagdaýdan habardar bolmaly. Ýokardaky agzalyp geçilenlerden netije-pul dolanyşygyny sowatly dolandyrmak iň esasysydyr.
Ýene-de ylmy barlaglardan bir bölegini dykgatyňyza ýetirmek isleýäris. Barlag şundan ybarat: 4-5 ýaşly çagalary bir-birden otaga çagyrdylar, olara eger isleseler, azajyk mukdarda häzir, eger biraz garaşsalar, onda köp mukdarda sylag beriljegini aýtdylar. Sylag hökmünde bolsa zefir bilen köke ulandylar. Çaga eger islese, häzir bir köke, barlaga ýolbaşçylyk edýäniň gelerine garaşan ýagdaýynda üç köke alyp biljegini düşündirdiler. Çaga islendik wagty jaňjagazy kakyp, ýolbaşçyny çagyrmaga hem-de ýolbaşçy gelip, çaga uly bolmadyk sylagyny berer ýaly şert döretdiler. Köp çagalar üçin bu synagyň ýerine ýetirmesi kynlyk bilen başardýardy, ýöne ähli zat çaganyň haýsy ýagdaýa garaşýanyna baglydy. Barlagyň käbir görnüşlerinde kökeler çaganyň edil öňünde durýardy. Bu ýagdaýyň çaga örän uly täsiri bardy. Sabyr edip garaşylýan wagtyň möçberi ortaça 1 minutdan köpräkdi. Emma çaga sylag görkezilmedik ýagdaýynda bolsa, garaşylýan wagtyň möçberi ortaça 11 minutdan ybaratdy. Çagalardan sylagyň ýerine başga gyzykly zatlar barada pikir etmeklerini haýyş edilende bolsa, garaşylýan wagt ýene-de uzaýardy».
Puluň adama örän uly täsiri bar, şonuň üçin hem her kim ony sowmakda ýa-da dolandyrmakda oýlanyşykly çemeleşmegi, artyk möçberi bolsa tygşytlamagy başarmalydyr.
CEŞME: BIZNES REKLAMA | 07.10.2019 | YKDYSADYÝET - 4 SAH. | MAŞGALA BÝUJETI NÄME?! | TYLLAGÖZEL NURGELDIÝEWA